Bir ýerden ikinji bir ýere alyp gelmek, äkelmek.
Suw getiren hem bir, küýze döwen hem. (nakyl)
Ol magazinden bir halta ak un getirdi.
Hasyl bitmek, hasylly bolmak.
Bu ýyl üzümimiz ýagşy getirdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Miwe agaçlaryň gowy getiripdir.
seret göz
Şol ýatlamalaryň içinde, näme üçindir, Tähranyň jähennemi göz öňüne getirýän gyzgyn gündizleri dymyk agşamlar onuň hyýalyndan çykmaýardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
seret sary
seret tas
Ýalňyş barada habar ber Söz hödürle
Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.