göz at

  1. Göreç organy we görejiň özi, garak.

    • Gözüň şar şekilli alma meňzeş formasy bar. (S. K. Karanow, Beterlän Iriňli Göz Agyry)

    • Gurt bir wagt gözüni açyp görse, töwereginde oturan öz ýoldaşlaryna gözi düşdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Ol yssy günden, agyr zähmetden soň, gözini mawy asmana dikip pikir edýärdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Gözüň agyrsa-eliňi çek, içiň agyrsa-damagyňy. (nakyl)

    • Göz agyrydan adam ölmez, soramaga hiç kim gelmez. (nakyl)

    • Göz ujy bilen gözleme: Gözleriňe zor geler; dil ujy bilen sözleme: özüňe azar geler. (nakyl)

  2. Agajyň gapdalyndan ösüp çykan çybyk düýbi.

    • Bu agajyň gözi köp eken.

  3. Iňňede we temende sapak ötürilýän deşik.

    • Iňňäniň gözi döwlüpdir.

  4. Tüpeňiň ok salynýan ýeri bilen birlikde nili.

    • Tüpeňiň ikinji gözi oklydy. (J. Akyýew, Mergeniň ogly)

  5. Suwuň başlangyç çykýan ýeri, çeşmäniň gözbaşy. Sunuň aýna salýan bölegi.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem göz - gözüm, gözüň.

gara gözüm

Jan ýaly görýäni.

görene göz etmek

Ile masgara etmek, ile ryswa etmek.

göz açmak

Deşilip akmak, deşilmek.

göz açyp gitmek

Öňüňde goýan maksadyňa arzuwyňa, niýetiňe ýetmän, armanly ölmek, ahmyrly dünýäden ötmek.

  • Gözüm açyp giderin ýagty jahandan, ýüze çykman galsa meniň niýetim. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  • Şu gaçyp gutulan at kimin bar at edinmesem, ölemde gözümü açyp giderin -- diýip ant içdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

göz agarmak

Erbet güne düşmek, ýarakyn ýagdaýa düşmek.

  • Onuň gören günlerini göreň bolsaň seniň gözüň agardy. («Sowet Tükmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

göz agyrysy ýaly bolmak

Islenilmedik ýere barmak, gerek däl ýerde häzir bolmak, halanmaýan ýeriňde görünmek.

  • Sen hem göz agyrysy ýaly bolup, oslanmadyk wagt çykaýýaň- a! («Türkmen Pýesalary»)

göz alartmak

Gaharly seretmek, gazaply görnüşde bolmak, gözüň bilen gorkuzjak bolmak.

  • Göz alardyp enesine seretdi. (A. Kekilow, Soýgi)

  • Ol aňyrdan gele-gelmäne maňa gözüni alardyp sereder. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

göz astyna almak

Belli bir maksat bilen kesesinden syn etmek, agtaryp yzyna düşmek, aňtamak.

  • Göz astyna alyp ýörenmiş. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

göz aýlamak

  1. Daş töwerege seretmek, göz gezdirmek, garamak, bakmak.

    • Biziň garry kerwenbaşymyz käte gün batara, käte-de gündogara göz aýlaýardy. (A. Gowşudow, Eserler)

    • Köplüge gözüňiz aýlamak gerek. (Mollamurt, Saýlanan eserler)

  2. Esewan bolmak, kömek edip durmak, garaşyk edip durmak.

    • Men gelýänçäm mal-gara göz aýlap durawer!

göz bilen gaşyň arasynda ýalan sözlemek

Göz görtele görüp durka ýalan aýtmak.

  • Göz bilen gaşyň arasynda ýalan sözleme! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

göz bilen iýäýjek bolmak

Gözi içinden geçip barmak, dikanlap gaharly seretmek.

  • Ol meni gözi bilen iýäýjek boldy.

göz bolmak

  1. Ile bellenmek, il arasynda gürrüň bolmak.

  2. Göz-gulak bolmak, esewanlyk etmek.

göz boýamak

Aldamak üçin emel etmek, hile etmek.

göz çaky

Göz ölçegi, göz çeni.

göz çykarmak

Aşa gitmek, çenden aşmak.

  • Sen juda gysyklygyň-da gözüni çykarýarsyň. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

göz degmek

Köne düşünjä görä: gowy zada mähir bilen seredilende, geň görüp seredilende, öňküsinden ýaramazlaşmak, öňki ýagdaýyndan peselmek, erbet bolmak.

  • Bu sapar biziň atymyza göz degdi, ýogsa heý düz ýerde-de at büdräp aşarmy? -- diýdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

göz däldirtmek

Naýynjar halda seretmek, bir zada mätäç bolup, oýan-buýana göz oýlamak.

göz dikmek

  1. Bir nokada jiňkerip pugta seretmek, gözüňi aýyrman seretmek.

    • Töweregiňe göz dikip gelýän kerwan başymyza asalyk bilen gürrüň berdim. (A. Gowşudow, Eserler)

  2. Gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşmak, ýürek bilen ymtylyp garaşmak.

    • Geleriňe göz dikip, Gelgin, garaşýan saňa. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  3. Bir zady almagyň kastyna düşmek.

    • Nebtimize gözün dikýär, Tiz garýata galyň, dostlar! (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  4. Hantama bolmak, tamakin bolmak.

    • Dursundan hem aýratyn sylaga göz diken Bossan, gürrüňini uzadyp, özüne aýratyn hormat goýdurmaga çalyşdy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

göz dokunmak

Bol-elin zady görüp göz doýmak.

göz doýmak

seret göz dokunmak

  • Tarp we boz ýerleri özleşdirmekden alnan bol hasyly göreniňde, adamyň gözi doýaýar.

göz düşmek

Görmek.

  • Aşyryň şähere gözi düşünde, agzy açyldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

göz etmek

  1. Güjeňlemek.

  2. Eýmenç hereket arkalygy başga adamlaryn hem gorkuzmak üçin, köpçüligiň öňünde birine sütem etmek; jeza bermek.

    • Hyýanatçynyň birini ýok edip iki-ýeke galanyna-da göz edip bilsem, men-aga şonuň jezasyny çekmäge-de razy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

göz gamaşdyrmak

Ýalpyldap öwşün atmak.

  • Bulut syrylan hawada guşluga galan günüň nury göz gamaşdyrýar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

göz gamaşmak

Gözün bulaşyp, zat saýgarmazlyk (ýiti ýagta, gara we ş. m. ).

göz gapmak

  1. Aldawa salmak, hile guramak.

    • Duşmanyň gözüni gapmak gerekdi.

  2. Göze tüsse, tozan we ş. m. zatlar urmak, dolmak.

    • Duşman gözüň gapsyn topuň tüssesi, Gabra tarap itiberiň duşmany. (Ata salyh, Saýlanan eserler)

göz gatyrmak

Owarram etmek, döz gelmek.

  • Göz gatyrsaň-a, bir zat alaýarsyň, bolmasa-da gezer ýörersiň.

göz gezdirmek

Daş töweregiňe seretmek, syn etmek.

  • Şol meýdana hyrydar göz gezdiren Durdi özüniň içki arzuwyny ýanyndaky ýoldaşlaryna gürrüň berdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

göz gizlemek

Ýygşyrmak, ýygnamak, bukmak.

  • Al bulary hem ýat gözden gizle! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

göz görkezmek

Üýtgeşik, täsin iş edip, özüňi tanatmak.

göz görmek

Dini düşünje boýunça: Biriniň gudratyny görmek.

göz guwanç

Iň mähriban, iň söýgüli, iň eziz.

  • Ýok, Hasan jan, gözümiň guwanjy, sen beý diýme! («Görogly» eposy)

göz güldürmek

Göz oýnatmak, gözde şaltyk alamatyny döretmek, ýylgyrmak.

göz gypmak

Bir gözüňi çalt ýumup açmak bilen yşarat etmek.

  • Magtym Amana göz gypyp, ýyljyraklap gepledi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

göz jüýjertmek

Uklaman, gözüňi açyp ýatmak, oýa ýatmak.

göz mölermek

Gorkmak, gorkudan gözüň tegelenmek.

  • Baý aga galpylda düşdi, gözleri mölerdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

göz nury

Gözüň görüjilik derejesi.

  • Gözüniň nury öçüşipdir.

göz owasy

Göz şarynyň durýan ýeri, gözüň öňündäki oý.

  • Onuň göz owalarynyň töwerekleri hem gymyldaşýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

göz oýnaklatmak

Gözüň garasyny, gözüni hereketlendirmek, näz-kereşme etmek.

  • Ol ýigit gözüni oýnakladypdyr.

göz öňünde tutmak

Bir zady nazarda tutmak, nazara almak, aladasyny etmek, bir işi maksat etmek, ýatda saklamak.

  • Siz halk bähbidini göz öňünde tutuň! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ÄdimKerbabaýew, Aýgytly ädim)

göz öňünden geçmek

Öň bir gören zadyň, gören wakaň we ş. m. birin-birin ýadyňa düşmek, hyýala getirmek.

  • Göz öňünden geçdi oglanlyk wagty, Hally bilen taýy-açylan wagty. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

göz öňünden ötürmek

Bolup geçen ýa-da baljak wakalary hyýala getirmek.

göz öňüne gelmek

Öň bir gören zadyň keşbi, bolşy ýadyňa düşmek, aňyňda suratlanmak.

  • Poltoraskiniň peşeneli keşbi, howsala özüni aldyrmaýan paýhasly obrazy olaryň gözüniň öňüne geldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

göz öňüne getirmek

Öň gören zatlaryňy ähli boluş ýagdaýy bilen ýadyňa salmak, ýadyňa düşürmek.

  • Häzir men dümtünip öýde oturýan, Agyr ýagdaýňyzy göze getirýän. (A. KekilowiSöýgi)

göz sapynmak

Gözüňi esasy zatdan başlaýana sogmak.

  • Jully şol demirçiniň dükanyna baranda, bir demir bölegini görüpdir. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

göz süzmek

Uka meýil etmek, gözüň çalaja ýumulmak, näz etmek, irkiljiremek.

  • Pružinli krowatyň üstünde Hümmet baý gözlerini süzüp, gaşyň kakmasaň. (Türkmen Halk Şahyrana Döredijiligi)

göz tegelemek

Bir zada geň galyp seretmek, mölerilip gorkmak, aňka-taňka bolmak.

  • Annaguly birden düýrükdi-de, gözüni tegeledi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

göz uçganaklamak

  1. Horlanmakdan gorkmakdan gözüň öňünde uçganak görünmek;.

  2. Dogumlylyk alamaty ýüze çykmak, edermenlik alamaty ýüze çykmak.

göz ümlemek

Gözüň bilen yşarat etmek.

  • Üm bilen duýdurmak sesini çykarman hyjuw edip hyrçyny dişläp duran gyrçuw Balla göz ümledi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

göz ýaşartmak

Gözüňe ýaş getirmek.

  • Temmäki döwýän ýaly, gözüni ýaşardyp çyglyp otyr. («Tokmak» žurnaly)

göz ýetirmek

Belet bolmak, gowy bilmek, akyl ýitirmek, anygyna ýetmek, ynanmak.

  • Gep töwekgellikde däl-de ediljek bolýan işiň netijesine göz ýitirmekde. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

göz ýetmek

seret göz ýetirmek

  • Bagşyny ýolundan alyp galyp boljak däl. Şoňa hemmäniň gözi ýetdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

göz ýummak

Wepat bolmak, ölmek, ýogalmak.

göz ýumup

Göz açasy salymda-şeýle tiz wagtyň içinde, diýseň tiz, sähelçe wagtyň içinde.

  • Ondan şunçasyny çyksak, şunça bergiň galýar -- diýip, göz ýumup-açasy salymda hasap çykardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

göz ýumup geçmek

Görmezlige salyp geçmek.

  • Kemçiligiň duşundan göz ýumup geçmek bolmaz.

göz ýyldyrmak

Bir zady eýelemäge ymtylmak, bir zady almaga höwes etmek, bir zady almaga meýil etmek, almak arzuwynda bolmak.

  • Belki, Ýelli Pökgeniň gyzy Bahara göz gyzdyrýandyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

göz-dilden saklamak

Köne düşünjä görä: aman saklamak, goramak.

  • Bular halkymyzy göz-dilden saklar, ot-suw belasyndan hem ýelden saklar. («Sowet Edebiýaty» Jurnaly)

göz-gaş çekmek

Ýürekden küýsemek, ýürekden islemek.

  • Gözi-gaşy çekip duran bolsa, ýanyna bar-da!

göz-gulak bolmazlyk

Garaşyk etmezlik.

  • Gardaş ogly, meniň burawymy gözden salma, meni zada mätäç etme! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

gözden düşmek

Özüňi halys ýigrendirmek, abraýdan düşmek, ryswa bolmak.

  • Adamlar, men gaty erbet bolup, bütin adamlaryň gözünden düşüpdirin. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

gözden geçirmek

Birin-birin seredişdirip çykmak, barlaşdyryp öz ýüregiňe aýdyň etmek.

  • Ýöne men, ozaly bilen, ol gyzy göreýin, ýagşy synlap gözümden geçireýin. (A. Durduýaw, Saýlanan eserler)

gözden salmak

Ünsden düşürmek, ýatdan çykarmak, kömek ýardam etmezlik.

gözden sypmak

Gözden ýitmek, ýitirim bolmak.

  • Ahmal bolsaň, gözden sypar.

gözden ýitmek

Göz görerden uzaga gitmek, görünmez bolmak, ýitirim bolmak, sumat bolmak, gözden gaýyp bolmak.

  • Alýoşa ata çalasyn atlandy-da, alagarankynyň içinde süýnüp giden ýyldyrym ýaly gözden ýitdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

göze ak düşmek

Gözüň garasynda ak tegmil peýda bolmak, emele gelmek.

göze çöp atmak

Aldawa salmak, aldamak.

  • Siz çöp atmarsyňyz meniň gözüme. (Çary Aşyr, Poemalar)

  • Şu iki arada biziň gözümize çöp atyp gidipdir.

göze dürtülip durmak

Görnüp durmak, belli bolup durmak.

  • Göze dürtülip dur ahyryn!

göze gara suw inmek

Gözüň kör bolmak.

göze gelmek

Edýän işi, hereketi, görnüşi göwnüňden turmak, janyňa ýaramak.

göze görünmek

  1. Kämillik ýaşyna ýetmek ýetişmek (gyz hakda).

    • Ýyrtyjylar basmarlamak isläpdir, onuň ýaňy göze görnen gyzyny. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

    • Onuň üçin utanasy iş ýok indi siz hem göze görnüp başlapsyňyz. («Sowet Edebiýaty» žurnaly)

  2. Hiç zat ýok bolsa-da, bir zat, gara bar ýaly bolup görünmek.

göze gubaş inmek

Garrap, gözüň yşygy öçmek.

göze güýdüşmek

Bir zady duýdurman etmek, görkezmän etmek, bildirmän etmek.

  • Ol oslagsyz aýgyt bilen köpüň gözüne güýdüşip, sol ata çalasyn atlandy-da, gamça basdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

göze ilginç

seret ilginç

  • Ol göze ilginç haýbatly galamy gizläpdir. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

göze ilmek

Göze görünmek, göze kaklyşmak, guşnak.

  • Al oşa umytsyz garanjaklanda çeträkde daňylgy, eýesiz, üsti adamsyz bir at gözüne ildi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

göze kalkyşmak

Göze görünmek, göze inmek, çala görünmek, çala mälim bolmak.

  • Ýaşyl ýapraklaryň arasy bilen göze kaklyşýan ýek-tük ak pamyklar ýylpyldaşýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

göze sürme etmek

Gadyryny, gymmaty bilmek, gowy görmek, hormatlamak.

  • Bibijahan ýaly gyz tapsam, gözüme sürme ederin, janymdan eziz görerin.

göze tutmak

Gözüňe ýakyn getirip seretmek.

  • Dürbüsin aldy-da, tutdy gözüne, siňňin-siňňin bakdy ýeriň ýüzüne. (Çary Aşyr, Poemalar)

göze yssy görünmek

Göze ýakymly, mähirli görünmek.

  • Mähriň almak anha, onuň yzynda bir komandir, yssy geldi ol gözüne Aýlaryň. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

göze ýakmak

Gowy görünmek, göwnüňe ýaramak, halamak.

  • Nepesiň gyrmyzy dony Oraza biraz gysgarak-da bolsa, hemmeleriň gözüne ýakdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

göze ýaramak

seret göze ýakmak

  • Şu matalaryň haýsysy gözüňe ýaraýar?

göze ýaş aýlamak

Gynanyp ýa-da begenip gözüne ýaş getirmek, duýdurmazlyk bilen aglamak.

  • Kä göze ýaş aýlap, kä çekip için, Köpden sözleýärdi ýigdiň enesi. (A. Kekilow, Söýgi)

göze-başa düşmek

Suwumsyzlyk edip, özüňi ýigirendirmek, ýerliksiz hereket etmek, betnebislik etmek, açgözlük etmek.

  • Sen göze-başa düşüberme, özüňi bir azrak çeke sakla! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

gözi açylmak

  1. Görmäge başlamak.

  2. Aňly-düşünjeli bolmak, düşünjäň artmak.

    • Erkli, hukukly bolduňyz sizler, Aň-bilim köpelip, açyldy gözler. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  3. Bir zada bolan höwesi artmak, göhi gelmek, keýp gelmek, begenmek.

    • Bir ýakyn ýerde toý bolsa barady, eger göreş tutulsa, gözi açylýardy. («Sowet Edebiýaty» žurnaly)

  4. Sowatly bolmak.

gözi bagly

Medeniýetden yza galan, sowatsyz.

gözi çakgynyň çüýi ýaly

Ukusy tutmaýan, gözi jikgerip duran, gözi açyk ýatan.

gözi gaçan

Hor homsy düşen (adam), arryk düşen (mal).

gözi gara bolmak

Birinden bir zat hantama bolmak, tamakin bolmak.

  • Meniň şu bolşumda olaryň ýene maňa gözi gara. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Gözi garamyk ýaly gara gözelejik. (Çaga degişli)

gözi gatyny gören

Horluk gören, jepa jeken.

  • Onuň gözi gatyny görendir.

gözi gülli

Gözüne gül düşen, gözüniň garasyna gül, ak tegmil düşen.

  • Onuň gözi gülli eken.

gözi gülmek

Begenmek, guwanmak, şatlanmak.

  • Halaýan paýhasly aýdylýan sözi -- diýende Ýagdynyň gülýärdi gözi. («Sowet Edebiýaty» žurnaly)

gözi gyýmazlyk

Ýüregiň awamak, dözmezlik, gaýgyrmak.

  • Elbetde, onuň meni oýatmaga gözi gyýan däldir. («Sowet Edebiýaty» žurnaly)

gözi haýallamak

Garrylyk sebäpli ýa agyrydan gözüň nury öçmek, gözi ahmallamak.

  • Kempiriň gözi haýallapdyr.

gözi heneklemek

Gözünde uky alamaty peýda bolmak.

  • Ýa hem bolsa meniň gözlerim henekläpdir. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

gözi ot deý ýanmak

Örän dogumly, gujurly sypatda bolmak.

gözi ýagtylmak

Ysgyna gelmek, gözi ýitelmek, gurplanmak.

  • Çaý içip, çörek iýenden soň gözi ýagtyldy. («Görogly» eposy)

  • Suwsuzlygy ganandan soň onuň gözi ýagtyldy.

gözi ýanmak

Gözünde dogumlylyk almaty görünmek, gözünde gujurlylyk alamaty görünmek.

  • Watan berdi sana gowşamaz güýji, Gözleriň ýanyp dur, sözleriň süýji. (Nury Anna Gylyç, Goşgular)

gözi ýer görmezlik

Meslikden özüni ulumsy alyp barmak, gedemlik edip gezmek, adam tanamazlyk.

  • Onuň häzir gözi ýer görenok, ol ne sizi sylaýar, ne maňa hormat goýýar. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

gözi ýerden aýrylmazlyk

  1. Birsyhly ýere seredip oturmak, bisyhly aşak seredip ýörmek.

    • Meret ýerden hiç aýranak gözüni, gyz-da aýdyp bilmän diýjek sözüni, utanjyndan gara saçyn oýnap dur. (D. Baýrammyradow, Söýgi we Mekirlik)

    • Gözi ýokýaly.

  2. Urup-urjaşdyryp barýan, saýhalsyz.

    • Ol aýalyň gözi ýok ýaly süssenekläp gelmegini myzaýyk etmän, aradan biraz salym geçenden soň, şeýle diýdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

gözi ýitelmek

Bozgaklyga göhi gelmek, ýaramaz, bolgusyz zada keýip etmek, begenmek, gözi açylmak.

  • Biri meselä has aýdyň göz ýetirip, dogruçyl çözüji bolýar, başga biriniň bolsa, şonuň ýaly dawaly meselä eli ýetäýdigine göhi gelýär, gözleri ýitelip başlaýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

gözi ýolda bolmak

  1. Biriniň gelenine intizar bolmak, garaşyp durmak, köp garaşmak.

    • Onuň iki gözi ýoldadyr. («Sowet Edebiýýaty» žurnaly)

    • Gözi içine gitmek.

  2. Gaty horlanmak, gözi hanasyna gitmek.

    • Ullakan gara gözleri uzak wagt kesel ýatanyňky ýaly içine gidipdir. («Sowet Edebiýýaty» žurnaly)

    • Gözi içinden geçmek.

  3. Ýiti-ýiti, täsirli seretmek.

    • Ýeldirgäli bäri onuň jynsy üýtgäpdir, gözi içinden geçip barýar.

gözin gitmek

Gözellik, gowulyk zerarly haýran galmak, höwes etmek, gaty halamak, islemek.

  • Ene jan, seniň Edebiýaty gowy bilşiňe gözüm gidýär. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

gözüm üstüne!

Baş üstüne, lepbeý.

  • Gözüm üstüne! Giriň, geçiň, oturyň!

gözünde ot ýakmak

Sütem etmek, horlamak, jezalandyrmak.

gözüne basyp almak

Ýeňip almak, erk-ygtyýaryna bakman almak.

gözüne degmek

Tüýs jaý ýerinde kömek bolmak, jaý ýerinde kömek bermek.

  • Daýhanlaryňyza bir neme paýlasaňyz, olaryň gözüne deger. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

gözüne görkezmek

Özüň barada biriniň etýän pikirini güýjüň, başarjanlygyň bilen bütinleý üýtgetdirmek, başgaçadygyny görkezmek.

  • Dur entek, seniň gözüňe görkezerin. (A. Gowşudow, Köpetdagyn eteginde)

gözüne gum atmak (guýmak)

Özüne kast etjek bolýanyň çäresini görmek.

gözüne gül salmak

Bir zada oňat hötde gelmek, hek etmek.

  • Saglyk bolsa bu işiň gözüne gül salarys.

gözüni açyp göreni

Özüni bilip ugraly bäri, eneden dogaly bäri bar bilýän zady.

  • Onuň gözini açyk göreni okuwdyr başga zadyny bilmez.

gözüni başyny aýlamak

Aňňalak gapdyrmak, aldap bir zada razy etmek, aldamak.

gözüni çykarmak

Bir zadyň, işiň hötdesinden doly gelip bilmek.

gözüni gorkuzmak

Dagdy etmek, badyny almak, gorkuzmak.

gözüni gögertmek

Görgi görkezmek, gaty horklamak, bokurdagyndan bogup öldire getirmek.

  • Alkymyndan alyp gözün gögertdi. (B. Kerbabaýew, aýlar)

gözüni oýmak

Iň erbet çäre bermek gözüni köwlemek, gözüni çykarmak.

  • Geçmişde käbir jenaýatçylaryň gözüni oýar ekenler.

gözüni tutmak

Ýagşylyga ýamanlyk etmek, edilen ýagşylyklar tersine bolsun diýmek.

  • Şol bir tandyr çöregim emdiren süýdüm gözüňi tutandyr. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

gözüni ýeňsesinden çekmek

Jeza bermek, berk gaýtawul bermek.

  • Eger şeýle bir zada ýüz beraýse, gözüňi ýeňsäňden çekerin. («Sowet Edebiýaty» durnaly)

gözüniň ak ýagyny iýmek

Biriniň gülün içirtmek, gazanjyndan, gymmat zatlaryndan peýdalanmak.

  • Düýn meniň gözümiň ak ýagyny iýip, bu gün hem hondan bärsi iş edýän ýaly, utanman, Muhammedi ýygnakda tokmaklaýarlar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

gözüň agyny köpeltmek

Gaharly seretmek, gözüňi alartmak, gaharlanmak.

  • Halnazar onuň adyny tutanda gözüniň agyny köpeltmek bilen hapa sözler agzaýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

gözüň alynda

Gözüň öňünde, görüp durkaň, ýüzüne.

  • Eger meni onuň gözüniň alynda tutsalar, men ony ölüm önündaki rahatyndan geljegiň umydyndan-da dyndaryn. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

gözüň awusyny almak

Az salym ýatyp turmak.

  • Ýolagçylar gije ýarymdan agandan soň bir salym gözleriniň awusyny almak kararyna geldiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

gözüň aýdyň

Begençli wakany gutlap aýdylýan söz, gutlap manysynda aýdylaýan aňlatma.

  • Goňşy gözüň aýdyň, ogluň gelipdir. (A. Keklow, Söýgi)

gözüň çekmek

Gözüň nerwi bilen baglylykda gabagyň bir damarjygy tirsildemek.

  • Birnäçe aý bäri çep gözüm yzyny üzman, tirp-tirp edip çekýär.

gözüň çorbasyny akdyrmak

Agyrmak zerarly gözüm çyrpyklamak, gözüň iriňlemek.

  • Gözüniň çorbasyny akdyryp ýörenler indi ýok diýerlikdir.

gözüň dumanlamak

Içgi, ýamak, gözüň öňi ümezlemek.

gözüň ganmak

Doýa-gana synlamak, göre-göre doýmak, keşbi aňyňda berk galmak.

  • Onsoň hem gözüň ganan dowarlary tanamak hem kyn däldir. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň Gürrüňi)

gözüň gapylmak

Kör bolmak, görmekden galmak.

gözüň garaňkyramak

Ysgynsyzlyk we ş. m. zerarly essiň aýylyp, başyň aýlanyp, gözüň zat görmän başlamak.

  • Onuň gözi garaňkyrady, akyly işlemesinden daýandy, kellesi sämedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

gözüň gytagyny aýlamak

Bir ýere göni däl-de, gyýa seretmek.

  • Hyzmatkär çekdirme etini çekeleýänlere göz gytagyny aýlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

gözüň gyzarmak

Azgynçylyk etmek, azmak.

gözüň hanasyndan çykaýjak bolmak

Närazylykdan, gysgançlykdan ýa-da gorkudan gözüň petretmek.

  • Gorkudan döwüleriň gözi hanasyndan çykjak boldy.

gözüň kesmek

Gözüň görmek. Gözüň öwrenişmek.

  • Aşyr bilen seniň gözüň öwerenişipdir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

gözüň önünde gaýmalaşmak

Gözüň öňünde iki ýana hereket edýän, uçuşyp durýan ýaly bolmak, kebeleklemek.

gözüň suw içmek

Bir zada göwnüň ýetmek.

gözüň ümezlemek

Gözüň gamaşmak, gözüň öňi bulaşmak.

  • Bakjaklaýan gara gözi ümezläp, emaý bilen çökdi iki dyzyna. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

gözüň suw içmezlik

Göwnüňe ýakmazlyk, pisindiň oturmazlyk, edilýän işden we ş. m. razy bolmazlyk.

gözüň üstünde orny bolmak

Biriniň gelmegine tüýs ýürekden razy bolmak.

  • Göçüp gel, gözümi üstünde ornuň bar! -- diýip, kempir gyzynyň sözüniň üstüne goşdy. (Sowet Türkmenistanynyn Aýalary)

gözüň ýerine gelmek

Dynç almak netijesinde öňki kadynda gelmek, ysgyna gelmek, kuwwatlanyp aýnalmak, doýmak.

  • Japbaklar iýdiler, içdiler, gözleri ýerine geldi. Ganly gara gije-gündizläp duz datmadyk jigitleriň gözlerini ýerine getirdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

gözüň ýetik bolmak

Pugta belet bolmak, gowy bilmek.

  • Bu sapar ýalňyşmandygyma gözüm ýetik bolansaň, men: -- Hawa, şek-şübhe ýok, edil şonuň özi! -- diýip, ynamly jogap berdim.

gözüňde bolmak

Gözleginde bolma, tapsaň habar bermek, almak.

  • Şähere gitseň tomus geýer ýaly ak tufly gözüňde bolsun!

gözüňde okuň bolsa urmak (atmak)

Eliňden gelse zyýan ýetirmek, ýeri gelende, asla gaýgyrmazlyk.

gözüňi akdyryp ýatmak

Huşdan gitmek, gorkuly, halda ýatmak, çaşmak.

  • Hiňňildikden ýykylyp, ol gözüni akdyryp ýatyr.

gözüňi akjartmak

Gözüň agyny köpeldip, gözüňi alartmak, gaharly seretmek.

  • Perizadyň ýüzüne bakyp, gözüni akjartdy.

gözüňi elek-çelek etmek

Üstüňi aldyryp özüňi ýitirmek, aljyramak.

bir gözi aýa bakmak, bir gözi şetdaly kakmak

Çaşy.

gözüňi petretmek

  1. Gözüňi hanasyndan çykarara getirmek gözüňi giňden açyp seretmek.

  2. Gorkudan gözüni tegelemek.

    • Iňňildäp, gözüni petredip ýatyr.

gözüňi sykmak

Ejizläp göz ýaş etmek, aglamak.

  • Menem ilki bada sesin ýaly gözümi sykypdym. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

gyýçak göz

Gyralary inçelip, gyýlyp gidýan göz.

  • Ol gyýçak gara gözlerini güldirip: --Biziňki adam owgandyr -- diýip, çalgyrt dil bilen jogap berdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

hak gözünden eşitmek

Ynamly adamda, ynamly ýerden görenden bilýänden eşitmek.

hak gözünden urmak

Ýerlikli söz aýtmak.

  • Ine Pökgen aga, şu pikirin gaty dogrudyr, tüýs hak gözünden urupsyň. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

hemmäni bir gözle görmek

Hiç kimden ýüz görmän bar adama deň ýaramak, hemmeler üçin bir häsiýetde bolmak.

könelişen göz

Gowy görmeýän göz-kütelip başlan göz.

ýaman gözden saklamak

Göz degmekden saklamak, her hili beladan goramak.