sary1 sypat

[sa:ry]

Altynyň bürünjiň, misiň reňkine meňzeş reňk.

  • Gapdallarynda hem sary semawar lakyrdap gaýnaýardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Emma onuň ýalaňaç kellesini boýny götermän, sapagynyň ysgyny gaçan sary kädi ýaly sallady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

sary getirmek

Howply bagyr keseli bilen keselläp, endamyň sapalmak.

saryň gaýnamak

Aşgazan iç keseliniň bir hili ýakyp barýan, gaýnaýan ýaly alamaty.

sary2 sypat

[sa:ry]

Könelişen söz Tarap.

  • Aýymek gelin, sallanyp biziň sary gelsene! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)