garamyk ga‧ra‧myk 1

Botanika Itüzüme meňzeş garaja miwe getirýän agaç we onuň miwesi.

  • Ol inçejik, garaýagyz, boýy uzyn, gözleri garamyk ýaly bir oglandy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Jansyz göreçleri garamyk ýaly buldurap görünýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Garamyk özün bag saýar, depe özün dag saýar. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem garamyk - garamygy.

garamyk ga‧ra‧myk 2

Medisina Çaganyň tenine örýän ownujak gara düwürtikli kesel.

  • Italmaz Aga, seniň munyň gyzamyk-da däl, garamyk-da däl, mama hem däl. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem garamyk - garamygy.


Duş gelýän formalary
  • garamygy
  • garamygyň
  • garamyk-da