garamaýak ga‧ra‧ma‧ýak

Ýönekeý, pukara, garyp, köpçülik wekili (adam hakda).

  • Özleri bolsa meniň ýaly garamaýagyň düşýän hasabyna düşenoklar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ýene täze howp, ýene täze jeň, Garamaýaklaryň horluk takdyry. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem garamaýak - garamaýagy.


Duş gelýän formalary
  • garamaýaga
  • garamaýagam
  • garamaýagy
  • garamaýagyň
  • garamaýagyňky
  • garamaýakdan
  • garamaýaklar
  • garamaýaklara
  • garamaýaklarda
  • garamaýaklardan
  • garamaýaklardyr
  • garamaýaklary
  • garamaýaklaryň