eýikmek e‧ýik‧mek işlik

Özüňi tutmak, ösmek, güýçlenmek, aýaga galmak, daýanmak, rowaçlanmak.

  • Yzly-yzyna birnäçe-gün epgek össe, heniz eýikmedik gowaçany guratjakdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Heniz eýikmedik nahaly oslagsyz bir hazan, belki solduryp gitjek. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

  • Şoňa görä-de ol heniz eýikmänkä onuň üsütne çozup, ony ýaňdandan galmaz ýaly etmäge talap edýän! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Käbir ýerde eýikmedik, Çaly-çerkez bitip otyr. (B. Kerbabaýew, Eserler toplumy)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem eýikmek - eýigýär, eýiger, eýigipdir.


Duş gelýän formalary
  • eýigip
  • eýikmedik
  • eýiksek