eýgilik eý‧gi‧lik at

Ýagşylyk, oňatlyk, gowulyk; asudalyk, abadanlyk, parahatlyk.

  • Ol meniň ýüzümi görenden eýgilik habaryň ýoklugyny aňan bolmaga çemeli. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Bu bimahal çagy ýasawulyň gelmegi eýgilige bolup bilse ýagşydyr! -- diýip, öz içinden pikir edýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Tur, gyzym, bularyň gelşi eýgilik däl, bular bilen döw urşuny edeli! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Halkyň eýgilige gelmeýänini Magtymguly han aňlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Hernä eýgilik garasyny görmäsiňiz-dä! -- diýip gargandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Eger meniň edýän işime närazylyk etseň, egilik tamasyny etme! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem eýgilik - eýgiligi.


Duş gelýän formalary
  • eýgilige
  • eýgiligem
  • eýgiligin
  • eýgiligini
  • eýgiligiň
  • eýgilikde
  • eýgilikdigini
  • eýgilikli
  • eýgiliklisi
  • eýgilikmi
  • eýgilikmidir
  • eýgilikmikä