eýle-beýle eý‧le-beý‧le

  1. Bir zadyň daş-töweregi, her bir ýeri.

    • Sagadyň eýlesine-beýlesine seretdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Bölümiň işgärleri munuň dokumentiniň eýlesine-beýlesine seredýärdiler. («Tokmak» žurnaly)

    • Ol jaýyň eýlesine-beýlesine seretdi.

  2. Her hili, aňry-bäri, bolar-bolmaz, oňat bolmadyk.

    • Hemmesi garnyna gapgarýar we soňundan hem: -- Bu naharyňyz eýle-beýle -- diýip at dakýar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Meni eýle-beýle zat bilen-hä sowup bolmaz! (B. Seýtäkow, Döwürdeşler)

    • Haý, mama jan, ol eýle-beýle adamyň yzyna düşüp gelmez. («Görogly» eposy)