eýgermek işlik

Bir zady etmegi başarmak, oňarmak, bir işi ýerine ýetirip bilmek, hötdesinden gelmek.

  • Ýaramaz ýer düşer-de, eýgerip bilmerin! -- diýdi. (J. Ilmyradow, Aýgül)

  • Ol ýapragy kemsiz eýgerýän bolara çemelidi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Mämmet indi kemsiz özün eýgerýär. (B. Kerbabaýew, Aýlar)


Duş gelýän formalary
  • eýgerenler
  • eýgerip
  • eýgerjek
  • eýgermedik
  • eýgermediler
  • eýgermezdi
  • eýgermeýär
  • eýgermeýärler
  • eýgermän
  • eýgerýän
  • eýgerýär