eýgertmek eý‧gert‧mek işlik

Bir zady etmegi başartmak, oňartmak, hötdesinden geldirmek.

  • Halnazar baýyň döwleti asyl, eýgerder ýaly däl. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Näme, ol eýgertmejek bolýarmy?! (H. Ysmaýylow, Powestler)

  • Bu iş ikimize eýgertjek iş däldir. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem eýgertmek - eýgerdýär, eýgerder, eýgerdipdir.


Duş gelýän formalary
  • eýgerder
  • eýgerderden
  • eýgerdýän
  • eýgertjegem
  • eýgertjek
  • eýgertmedi
  • eýgertmejegine
  • eýgertmejegini
  • eýgertmejek
  • eýgertmek
  • eýgertmelem
  • eýgertmez
  • eýgertmeýän
  • eýgertmeýär
  • eýgertmän