eýjejik eý‧je‧jik

Oňatja, gowuja, ýakymlyja, mähirlije.

  • Boýunlarynda ýaglyjak, Bir eýjejik, bir geňsi. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  • Gül desseli eýjejik gollar bize tarap uzady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Waý, bujagaz çaganyň eýjejikdigini! (H. Ysmaýylow, Iki atanyň ogly)

  • Şetdat ýaly eýjejigime, Kän ezýetler ýuwutdyrýarlar. (B. Kerbabaýew, Eserler toplumy)

  • Syratynda, geýiminde kemi ýok, gülälek ýaly eýjejik zatlar ekeni. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem eýjejik - eýjejigi.


Duş gelýän formalary
  • eýjejigim
  • eýjejigime
  • eýjejikdigini
  • eýjejiklerim
  • eýjejikligiň