Biriniň ýa-da bir zadyň ýany bilen gitmek, yz ýanyndan barmak, yzyna düşüp galmazlyk.
Seniň yzyňa eýerjek bolup, halys lütüm çykdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ýaňky iki atly-da onuň yzyna eýerdiler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Diňe dowarlaryň hasyrdysyna, olaryň aýak sesine eýermeli bolýarsyň. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň gürrüňi)
Düýe garrasa, köşegine eýerer. (nakyl)
Bir zatda deň barmak, bir zada ýetişmek.
Bularyň yzyna eýerjek gümanymyz ýok. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Emma bagyşla, durmuş guramakda men seniň yzyňa eýerip bilmen! (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Men ýoldaşlarymyň yzyna eýerip bilmän, olaryň işine zyýan berýärin. (B. Seýtäkow, Döwürdeşler)
Bir zady esas edinmek, bir zada esaslanmak, daýanmak, bir zatdan ugur alma, bir zadyň ugry bilen gitmek(pikire).
Her hili syýasy ugurlara eýerýän toparlar bardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Siz olara körlerçe eýerýärsiňiz. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Eger olaryň gara niýete eýerýänine gözüm ýetäýse, menden eýgilik görmezler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)