eýerletmek işlik

Gylýala eýer saldyrmak, eýer berkitdirmek.

  • Olar atlaryny eýerletdiler.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem eýerletmek - eýerledýär, eýerleder, eýerledipdir.

özüňi eýerletmek

Birine erkiňi bermek, erkiňi, ygtyýaryňy aldyrmak, biriniň diýenini gürrüňsiz etmek.

  • Ol bütinleý özüni eýerledipdir.


Duş gelýän formalary
  • eýerletdiler