eýerlemek işlik

Gylýala ýer salmak, gylýalyň üstüne eýer berkitmek.

  • Artyk şol wagt atyny eýerlemegä durdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Soň Kerim tüpeňini, gylyjyny dakynyp, horjunyny gyzyl puldan dolduryp, taýy pugta eýerläp üstüne münýär. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

  • Musa aga boz aty eýerledi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  • Arlaryňyzy eýerläň! Küňreş howlynyň içi-daşy, baglaryň aralary çyplaň eýerlenen ýomut atlaryndan doldy. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)

eýerläp münmek

Erk etmek, biriniň erkini, ygtyýaryny ele almak, gün bermezlik, azar bermek, öz diýeniňi etdirmek.

  • Bir adamynyň üstünden düşseňiz, şony halys eýerläp münýärsiňiz. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • eýerledi
  • eýerlediler
  • eýerlemegi
  • eýerlemek
  • eýerlemeýärdiler
  • eýerlemäge
  • eýerlemän
  • eýerleýär
  • eýerländir
  • eýerläp
  • eýerläýsem
  • eýerläň