eýerlik e‧ýer‧lik

  1. Eýer üçin gerekli bolan, eýere ýarajak, eýere boljak zat.

  2. Eýeriň üstüne edilýän, eýeriň üstüne örtülýän çitme esbap, hajylyk.

    • Eýerlik, horjunlyk, gapy kilimi, Yz-yzyna kesilerdi telimi. (T. Esenowa, Güller)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem eýerlik - eýerligi.