Özüniň garaýşy, işi, durmuş şertleri we ş. m. boýunça biri bilen umumylygy, ýakynlygy bar bolan adam, ýakyn aragatnaşyk edýän adam.
Okuwlaryny wagtynda taýýarlamak we ýoldaşlaryna görelde bolmak her bir pioneriň esasy wezipesidir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Är ýigidiň ýoldaşy aýal hem bolsa, gerekli ýerinde men-ä är deregini tutmaly diýip düşünýän. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýüz tutulyp aýdylýan söz.
Ýoldaşlar, Sowetler häkimiýeti siziň işçi-daýhan häkimiýetiňizdir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Hawa, ýoldaş başlyk, aldym, çagyryşyňyza-da ynha geldim. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Biri bilen ýoly bir bolan adam, biri bilen ugurdaş ýolagçy.
Uzadandan ýoldaş bolmaz. (nakyl)
Planetanyň daşyna aýlanýan asman jisimi, hemra.
Aý-Günüň ýoldaşydyr.
Medisina Çaga bolanda, çaganyň ýany bilen düşýän zat, eşen.
Är-aýallyk aragatnaşygy, ýagdaýy.
Mollanepes Bossantäç atly gyzy söýüpdir we onuň bilen ömürlik ýoldaş bolupdyr. («Edebiýat»)
seret ömürlik ýoldaş ömürlik ýoldaş