[ýo:laýryt]
Bir ýoldan başga bir ýoluň şaha bolup aýrylýan ýeri, aýyrdy.
Bular hem ýolaýrydynda öýli-öýüne sowlup gitdiler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Hol ýolaýrytda irden tapyşýardyk biz. (R. Seýidow, Bagtlylar)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýolaýryt - ýolaýrydy.