ýollamak işlik

[ýo:llamak]

Birini ýa-da bir zady bir ýere ibermek, ugratmak.

  • Pökgeni tutup, Sibire ýollamak üçin pristaw nökerlerini iberipdir. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Doganyň ýollapdy saňa bir sowgat. (T. Esenowa, Güller)

  • Owal başda salamym saňa ýollaýan gülüm. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Obadan hem hat ýollapdym. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Agyr durmuş ony eklenç gözleginiň agyr syýahatlaryna ýollapdyr. («Edebiýat»)