ýoldaşlyk

  1. Ýoldaşa mahsus bolan, ýoldaşlarça gatnaşyga esaslanýan, dostlukly.

    • Oňa ýoldaşlyk kömegi berdiler. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

  2. Bilelikde dostlarça geçirilýän, deň hukukly gatnaşylýan.

    • Ýoldaşlyk naharlaryna gatnaşýanlaryň her biri azyk getirmeli bolupdyr. (Gadymy Dünýä Taryhy)

  3. Resmi ýaryşlardan daşarda bolup geçýän, dostlarça geçirilýän.

    • Sportuň dürli görnüşi boýunça ýoldaşlyk duşuşygy geçirilýär.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýoldaşlyk - ýoldaşlygy.