ýolbaşçylyk

[ýo:lbaşçylyk]

  1. Bir işiň başynda durmaklyk, bir zady dolandyrmaklyk, başlyklyk.

    • Bu gelniň ýolbaşçylyk edýän zwenosy kolhoz boýunça iň öňde baryjy zwenolaryň biri hasaplanýar. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  2. Ýolbaşçy wezipäni ýerine ýetirijilik, baştutanlyk.

    • Her brigadanyň öz bagy, öz zwenosy aýry-aýry hem bolsa, umumy ýolbaşçylyk Nurberdi aganyň boýnundady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýolbaşçylyk - ýolbaşçylygy.