ýetginjek

Ýaňy ýetişip barýan oglan, heniz oglanlykdan ýigitlik ýaşyna, ýigitlik çagyna ýetmedik.

  • Ýokary okuw jaýlarynda her ýyl ýetginjekleriň we gyzlaryň müňlerçesi okaýar. («Pioner» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýetginjek - ýetginjegi.


Duş gelýän formalary
  • ýetginjege
  • ýetginjegi
  • ýetginjegin
  • ýetginjeginiň
  • ýetginjegiň
  • ýetginjegiňki
  • ýetginjekde
  • ýetginjekden
  • ýetginjekdenem
  • ýetginjekler
  • ýetginjeklerde
  • ýetginjeklerden
  • ýetginjeklerdäki
  • ýetginjeklere
  • ýetginjekleri
  • ýetginjekleri-de
  • ýetginjeklerimiz
  • ýetginjekleriniň
  • ýetginjekleriň
  • ýetginjekligi
  • ýetginjekligine
  • ýetginjekligiň
  • ýetginjekligiňem
  • ýetginjeklik
  • ýetginjeklikde
  • ýetginjeklikden