ýetginjeklik

Oglanyň ýetginjek ýaşlaryndaky döwrüne degişli bolan çag, ýetginjegiň ýagdaýy.

  • Men özümiň ýetginjekligimi-de diňe Aşgabat şäherinde geçiripdim. («Kolhoz günleri»)

  • Ýetginjeklik-ýigitlik ýyllary göni ýol ýaly ýönekeý görünse-de, soňky üç-dört ýyllyk ömri çöpe-çalama urýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýetginjeklik - ýetginjekligi.