ýetim

[ýeti:m]

Ejesi ýa kakasy bolmadyk; ata-enesiz.

  • Biz iki dost ýetim galyp ýaşlykdan, Köp horlandyk ýaşlygmyzda açlykdan. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

  • Menem ýetim, senem ýetim, iki ýetim bolup ykbalymyzy özümiz çözeli. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Atasyz oglan -- ýetim, enesiz oglan -- ýesir. (nakyl)

  • Ýetim oglan öz göbegini özi keser. (nakyl)

  • Ýetim gözi çemçede, odunçyňky -- omçada. (nakyl)