ýetik

  1. Bir zat barada habary bar bolan, bir zadyň anygyna ýeten, bir zada belet bolan, gowy bilýän, habarly.

    • Onuň käbir görnüşi öz berýän gürrüňine ozaldan ýetik adamynyň bolşuna meňzeýän ýaly boldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Oňa hemmäň ýetik ahyry. (B. Seýtäkow, Gyz Salgydy)

  2. seret ýeterlik

    • Onsuz-da olaryň dertleri özlerine ýetikdir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Aýy-güni dolan, bolmaly wagtyna, derejesine ýeten (çaga hakda).

    • Ýetik dogan çaga sagdyn ösýär.

  4. Gowy, doly, mazaly.

    • Poçtalonyň aýdan sözüne ýetik düşünmedik ýaşuly: -- Näme diýdiň? -- diýip sorady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Gawunlar ýetik bişipdir.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýetik - ýetigi.