Bir zadyň üýşüriligi topbagy, toplumy.
Ýolbars bir üýşmek çöpüň ýanynda aýak çekdi. (J. Akyýew, Mergeniň ogly)
Birnäçe adamdan ybarat bolan ýygnanyşyk, märeke, mähelle.
Bu nähili üýşmek? Näme bar? -- diýip, durup birinden sorady. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Soňabaka olar tegelenip oturan uly üýşmäge öwrülýärler. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Bir ýere toplanmak, bir ýere ýygnanmak, bir ýere jemlenmek, çogdamlanmak, toparlanmak.
Işe gyzyp, barha öňe süýşýärdi, Öň hatardan pagta dag dek üýşýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ol çarşagy dolduryp atdygyça, bugdaý däneleri üwmek bolup üýşýärdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem üýşmek - üýşdüm, üýşdüň, üýşüpdir.
seret saç 1
Muňa Annagulynyň depe saçy üýşüp gitdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)