saç1

Ynsanyň kellesine bitýän tüý.

  • Aýal dogany düýp halynyň üstünde oturyp, saçyny daraýar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Gyzyň örme gara saçlary begenji gozgalaňa saldy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

depe saçyň üýşmek

Gorkmakdan ýa-da gynanmakdan ýaňa üstüňde sowuk suw guýlan ýaly bolmak, gaty gorkmak.

saç2

[sa:ç]

seret taba1

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem saç - sajym, sajyň.