[ö:jükdirmek]
Birini başga birine küşgürmek, biriniň başga birine bolan görübilmezçiligini, hyjuwyny artdyrmak, gijjelemek.
Iki ýanyny hem öjükdirýärdi, ownuk meseleleri ulaldyardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Gaharyny getirmek.
Kakasynyň doganlarynyň ýençmekleri, gorkuzmalary Gurda çigit ýaly-da täsir etmeýärdi, gaýta ony öjükdirýärdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)