ökdeletmek işlik

Hünärini, tejribesini artdyrmak, türgen etmek, käriň we ş. m. tärini ele aldyrmak, bir zady gowy bildirmek, türgenletmek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ökdeletmek - ökdeledýär, ökdeleder, ökdeledipdir.