ökde sypat

Bir käriň, bir işiň, oýnuň we ş. m. tärini ele alan, gowy bilýän, ussat.

  • Men rus diline onçakly ökde däldim. («Mydam Taýýar» gazeti)

  • Ol ökde hünärli agronom bolup ýetişipdir. (A. Gowşudow, Eserler)

  • Ökde ökdäni görende, aýagy tibirdär. (nakyl)

  • Alyp asgyn bolýançaň, berip ökde bol. (nakyl)

ökde gelmek

Üstün çykmak, ýeňmek.

  • Aýsoltanyň oňa susty ökde geldi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

ökde tanamak

Gowulanamak, doly tanamak.

  • Biz ony ökde tanaýarys. («Tokmak» žurnaly)