Galla ekinleri ormak ýa-da ot ýygmak üçin ulanylýan dişli egri el guraly.
Bir tarap da köne oraklar, döwük piller üýşürilip goýlupdyr. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Oba hojalyga degişli Galla hasyly ýygnalýan möwsüm, ýygym döwri.
Şu ýyl oraga çenli gallam azlyk edäýjek ýaly görünýär. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Orak hasaby boýunça gyşyň togsany öten agşam doldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem orak - oragy.