Türkmen dili

Köpçüligiň aktiw ulanýan sözleri, professional leksika

Halk köpçüligine düşnükli bolan sözlere köpçüligiň aktiw ulanýan sözleri diýilýär.

Emma dilde ulanylýan sözleriň hemmesi köpçülige düşnükli bolup durmaýar. Olaryň käbiri belli bir kärdäki adamlara düşnükli bolup, beýleki bir toparyna düşnüksiz bolýar. Mysal üçin, studiýa, režissýor, dubl, kadr ýaly sözler elbetde, kino, sungat işgerlerine has düşnüklidir. Bular ýaly sözlere professional leksika diýilýär. Her pudagyň, hünäriň özüne degişli leksikasy bolýar.