Türkmen dili

Dialekt sözleri

Ýerli gepleşigiň wekillerine mahsus bolan aýratyn häsiýetli sözlere dialekt sözleri diýilýär. Dialekt sözi grek sözi bolup, ýerli gepleşik diýmekdir.

  • Aýal dogan (edebi dil) - ejeke (ýomut dialekti)
  • Ýüpek, telpek (edebi dil) - ýüfek, telfek (ýomut, çowdur dialektleri)
  • Alýar, gelýär (edebi dil) - alýor, gelýor (ärsary dialekti) - alor, gelor (saryk dialekti)

Dialektler edebi dili baýlaşdyrmagyň çeşmesidir. Olar çeper eserde gahrymanyň häsiýet, territorial aýratynlyklaryny aňlatmak üçin hem ulanylýar.