Türkmen dili

Başga dillerden geçen sözler

Dürli aragatnaşyk sebäpli goňşy halklaryň dilleri-de bir-birine täsir edipdir. Türkmen sözleriniň beýleki dillere geçişi ýaly (erikden - urýuk, çişlikden - şaşlyk we ş. m.), beýleki dilleriňde birnäçe sözleri (rus dilinden: kružka - kürüşge, wedro - bedre), (arap dilinden: medrese, metjit) türkmen diliniň sözlük düzümine giripdirler. Taryhy wakalar, gatnaşyklar bilen baglylykda geçen bu sözler dilleriň, şol sanda biziň dilimizde täze düşünjeler bilen baýlaşmagyna ýardam edipdir.