Türkmen dili

Leksika we frazeologiýa

Haýsy-da bolsa bir dilde ulanylýan sözleriň hemmesine şol diliň leksikasy ýa-da sözlük düzümi diýilýär. Türkmen diliniň sözlük düzüminiň esasy türkmen diliniň öz sözleridir. Alynma sözler hem dilimiziň sözlük düzüminiň baýlygydyr.

Sözler bir we köp manyly bolup bilýär. Sözüň ilkinji we esasy aňladýan manysyna onuň asyl manysy diýilýär.

agaç, alma, galam.

Emma "göz" sözi öz asyl manysyndan, ýagny adamlaryň, haýwanlaryň görüş organyndan başga-da örän köp manyda ulanylýar.

agajyň gözi, iňňäniň gözi, çeşmäniň gözi, horjunyň gözi we başgalar.

Ynha şunuň ýaly sözleriň öz asyl manysy bilen bagly başga-da birnäçe manyda ulanylmagyna sözleriň köp manylylygy diýilýär.

Sözler köp manylylykdan başga-da göçme manyda hem ulanylýar.

Duz sözüniň asyl manysy nahara atylýan tagamly zady-jisimi aňladýar. "Seniň sözüň duzy ýok" diýsek, göçme manyda gelýär. Ugur-utgasyz söz diýmegi aňladýar.