tirseklemek işlik

  1. Tirsegiňi ýassyga goýup gyşarmak, ýassygy tirsegiň astyna almak.

    • Güberçek per ýassygyny tirseklep, uzyn tagtada keserip ýatyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Birini tirsegiň bilen dürtmek, tirsegiň bilen kakmak.

    • Garly ussa gapdalynda itnişip duran ýigitlerden birini çalaja tirsekledi-de: -- Bu näme, bu nähili bagşy? -- diýdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)