tirsek tir‧sek

  1. Anatomiýa Gölüň çigin süňki bilen bilek süňküniň edilýän ýeri.

    • Ýaňyja tirsegini ýassyksyz ýere goýup gyşaran Pökgen dik oturdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Iki ýeňi tirsegine çenli çermelen Näzik tiz-tizden ädim urup, gyssanmaç gelýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Turbalary islendik ugra gönükdirmek üçin ulanylýan egri turba.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem tirsek - tirsegi.


Duş gelýän formalary
  • tirsege
  • tirsegi
  • tirsegime
  • tirsegimi
  • tirsegin
  • tirseginde
  • tirseginden
  • tirsegine
  • tirsegini
  • tirseginiň
  • tirsegiň
  • tirsegiňe
  • tirsegiňi
  • tirsekden
  • tirsekleri
  • tirseklerine
  • tirseklerini
  • tirsekleriniň
  • tirsekli