saklatmak işlik

  1. Elinde tutduryp duruzmak.

  2. Hereketini togtatdyryp duruzmak.

    • Maşyny saklatdy-da: -- Düş! -- diýdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  3. Birine saklamaga bermek, garaşyk etdirmek.

  4. Eýelik etdirmek, gözegçilik etdirmek, göz-gulak boldurmak.

  5. Ýanyndan goýbertmän eglendirmek.

  6. Saklaw etdirmek, goratmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem saklatmak - sakladýar, sakladar, sakladypdyr.