Özüňe erk edip bilmek, özüňe buýurmak.
Nurjahan syr bildirmän saklansa-da, ýeke galanda gözüniň ýaşyny saklap bilmeýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Her niçik hem bolsa mugallym saklanyp: -- Käýinmek gerek däl! -- diýip ýüzlendi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Aýak çekmek, daýanmak, durmak, eglenmek.
Hälki gyzjagaz içerik girdi-de gapynyň agzynda saklanyp sorady. (M. Gorkiý, Ene)
Gyz näz edip gaçýar bagy gabatlap, ýigit kowýar: -- Gitme, saklan gözelim! («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Idedilmek, eklenmek.
Kiçijik çagajyklar ýaslide gowy saklanýar.
Bar bolmak, bolmak.
Zyýanly duzlaryň toprakda artykmaç saklanmagy pagtaçylyga ägirt uly zyýan ýetirýär. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Garawly bolmak, aýalyp goýulmak.
Tohumlar ýörite jaýlarda saklanmalydyr. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Özüňi gorap bilmek.
Trahomanyň ýokuşmagyndan saklanmagyň iň oňat serişdesi arassaçylykdyr. (S. K. Karanow, Howply göz agyry keselleri we olaryň öňüni almagyň çäreleri)
Öňünde durup bilmek, çydam etmek.
Bent suwuň badyna saklanyp bilmedi.
Ýerine ýetirilmek, esewan edilmek.
Tertip-düzgüniň saklanyşy hem-de okuwyň ýyllyk jemleriniň nähili netijeler bermegi hakynda pikirlenýärdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Abat galmak, ýygnalyp goýulmak.
Aý, şükür, birsydyrgyn saklanmak. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Saklaw edilme, garalmak.
Zapowednikler goralyp saklanýar.