sürünmek işlik

  1. Birine, bir ýere tarap omzamak, hereket etmek, hüjüm etmek.

    • Sürnüp gelýän duşman soldatlarynyň hatary barha azalýardy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  2. Birine haýbat atmak, azar bermek, biriniň üstüne çöwjemek.

    • Molla Hoşly elindäki ýalaňaç gamasyny ýalpyldadyp, Wepanyň üstüne sürünýär. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem sürünmek - sürner, sürnüpdir.