sürüşmek işlik

  1. Topragyň ýokarky gatlagyny azal we ş. m. bilen sürmäge kömekleşmek.

  2. Sürmäge kömekleşmek, kowuşmak (mal hakda).

    • Ol ertiriň özünde maşgalasyny biziňkiler bilen ugradyp, özi hem mallary sürüşjek. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Taýyp gitmek, typmak.

    • At sürjek bolup, birden ýolda sürşüp aşylyp gidäýme! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem sürüşmek - sürşer, sürşüpdir.