sürülmek işlik

  1. Ýöredilip herekete getirilmek (ulag hakda).

  2. Bir ugra hereket etdirilmek, ýöredilmek, kowlup äkidilmek.

    • Sargyt bahanasy bilen çarwalaryň mallary toplanyp sürlüpdir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Itilip ýerine eltilmek, itilip süýşürilmek.

  4. Ekmek üçin topragyň ýokary gaty azal we ş. m. bilen agdarylmak.

  5. Sürtülip iýilmek, ýüzi sürtülmek.

    • Bir asuda tomus gijesi garry çopan öz öýüniň gapysynda insizje ýüzi sürlen halyjygynyň üstünde süýnüp ýatyrdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem sürülmek - sürler, sürlüpdir.