sürtülmek işlik

  1. Bir zada süýkelip çalynmak.

    • Birnäçe gezek sürtülip arassalanan geýimi esgini gaýtadan ölläp durmak bilen birnäçe gezek ütüklemeli. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

  2. Bir zat ikinji bir zada degip ýüzi sypyrylmak, ýüzi ýukalmak, oýkalmak.

    • Gabarçyklar eliň aýasynyň fiziki iş wagtynda has köp sürtülmeklige duçar bolýan ýerlerinde emele gelýärler. (A. N. Kabanow, Adamyň Anatomiýasy we Fiziologiýasy)