gowy sypat

Erbet däl, oňat, ýagşy, mazaly, ýeg.

  • Gaty gowy, şol bolýar -- diýşip gygyryşdylar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem gowy - gowuda, gowular, gowusy.

gowy görmek

Eý görmek, söýmek, halamak.

  • Men ony gowy görýärdim.

  • Sen duşmany gowy görýän bolsaň, hanha ýoluň açyk -- gidiber! Seniň ýaly gorkagyň bize geregi hem ýok. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)