gowuz

Doly däl, egsik, gowala.

  • Altyn doly bedresiniň suwuny gowuz bedresine guýdy. (A Durdyýew, Saýlanan Eserler.)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem gowuz - gowzum, gowzuň, gowzy.