gowuşmak işlik

  1. Eýesiniň eline düşmek, baryp ýetmek, gelip ýetmek.

    • Iberen kitaplaryň iki ekzemplýary hem maňa gowuşdy. («Edebiýat»)

  2. Tapyşmak.

    • Ol öz söýgülisine gowuşýar.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem gowuşmak - gowşar, gowşupdyr.