gowuşgynsyz sypat

Gowuşgyny bolmadyk, ykjam däl, gowşak ysgynsyz.

  • Bu ak ýüzli gowuşgynsyz göwreden hojaýynyň ysy gelýärdi. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

  • Gelniň gowuşgynsyz ýuka dodaklaryn tisginjireýänine, pakgaran diliniň diýjek bolýan zadyna öwrülmeýänine gözi düşende, ondan tamasyny üzüpdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • gowuşgynsyzdan
  • gowuşgynsyzdygyny
  • gowuşgynsyzdyr
  • gowuşgynsyzlygy
  • gowuşgynsyzlygyndan
  • gowuşgynsyzlygyny
  • gowuşgynsyzlygynyň
  • gowuşgynsyzlyk
  • gowuşgynsyzrak