eleşan

[eleşa:n]

Üpür-süpür, gelşiksiz görnüşli, ýyrtyk-ýirik, köne-sana eginbaşly.

  • Tagsyryň şol eleşan Jumadan başga gören gudraty ýok. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Çaga nahar edindi-de, eleşan köýneginiň syýy bilen agzyny süpürdi. (A. Geldiýew, Ilkinji gün)

  • Üç-dört sany eleşan ýorgan bilen bir uzynak ýassyklary bardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)