Bir zat üçin güýçli duýgy bilen aladalanmak, aljyramak, howsala düşmek, näme etjegini bilmän ýörmek.
Nabat eje tüpeň sesine oýanyp, öýünde elewräp otyrdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Öý eýesi bu howply hereketiň sag-aman gutarmagy barada aladalanyp, jany suw üstünde elewräp durýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Bike eje ogluny gapynyň agzynda garşylady, onuň keýpiniň bozukdygyny görüp, daşynda elewräp başlady. (G. Gurbansähedow, Ýürek daş däl)