elenmek e‧len‧mek işlik

  1. Elekden geçirilmek.

    • Elekden un elenýän ýaly bolup ownuk gar sepelenip başlady. (B. Seýtäkow, Döwürdeşler)

    • Elenmedik unuň çöreginiň ugry bolmaz. (M. Gorkiý, Ene)

  2. Göçme manyda Saýlanmak, seçilmek, barlanmak.

  3. Göçme manyda Çaýkanmak, yranmak, sandyramak, titremek.

    • Atly gelip daýananda, at elendi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Duran ýerinde elendi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  4. Göçme manyda Kynçylyk çekmek, horlanmak, kaňkamak.

    • Muny gapy-gapy elenip ýörmekden gutaralyň! («Görogly» eposy)


Duş gelýän formalary
  • elendi
  • elendim
  • elendir
  • elenen
  • elenende
  • elenenden
  • elener
  • elenerdi
  • elenip
  • elenipdir
  • elenleriň
  • elenme
  • elenmedik
  • elenmän
  • elenýän
  • elenýändir
  • elenýär
  • elenýärdi