elesletmek işlik

Çalt hereket etdirmek, galgatmak, galgadyp barmak, gelmek, selpetmek.

  • Atyny elesledip, Gidiberedi ýoluna. (A. Alamyşow, Sona)

  • Ertiriň ümüş-tamşynda inerini elesledip, Öwez peýda boldy. (G. Gurbansähedow, Gar)

  • Olar ýabylaryny elesledip, bir salym kowdular. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem elesletmek - elesledýär, elesleder, elesledipdir.


Duş gelýän formalary
  • elesledip